11-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda hödürlenen kanunlaryň we kararlaryň taslamalarynyň hatarynda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem biragyzdan makullanyldy. Agzalan Kanun şu ýylyň 18-nji aprelinde resmi taýdan çap edildi we herekete girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalar döwrebaplaşdyryldy. Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrar hem-de gullugyň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.
Bu resminama ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryň üstüni ýetirmek bilen, uzak möhletleýin geljekde ata Watanymyzyň ösüşi we abadançylygy üçin ygtybarly binýady üpjün eder.
Çeşme: migration.gov.tm
PDF









