Italiýanyň çempionatynda öňdebaryjylaryň özara duşuşygynda “Napoli” “Interi” kabul edip, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady we iki tarapam utuk ýitirdi. Dimarkonyň 22-nji minutdaky goluna 87-nji minutda Billingiň goly bilen jogap beren “Napoli” soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. “Atalanta” topary öz meýdançasynda “Wenesiýa” bilen golsuz deňme-deň oýnap, soňky tapgyrlarda yzygiderliligini ýitirdi. “Bolonýa” “Kaliarini”, “Roma” hem “Komony” 2-1 hasaplar bilen ýeňdi. 2 duşuşykda-da myhmançylykdaky toparlar 1-0 öňe saýlansalaram, olara üstünligini saklamak başartmady. “Milan” bolsa öz meýdançasynda “Lasiodan” 2-1 hasabynda utulyp, bassyr 3-nji duşuşygynda utuldy. Zakkanýiniň goly bilen öňe geçen “Lasio” toparyna “Milan” 84-nji minutda Çukwuezanyň goly esasynda jogap berdi. Rimlilere ýeňiş getiren goly bolsa 90+8-nji minutda penaltiden Pedro öz adyna ýazdyrdy. 67-nji minutda “Milanyň” goragçysy Pawlowiç gyzyl kart aldy. “Milan” bu ýeňlişden soň 9-njy orna düşdi.

Fiorentina – Leççe: 1-0 (Gosens 9),

Atalanta – Wenesiýa: 0-0,

Napoli – Inter: 1-1 (Billing 87 – Dimarko 22),

Udineze – Pamra: 1-0 (Towen 38 p),

Monza – Torino: 0-2 (Elmas 41, Kazadei 66),

Bolonýa – Kaliari: 2-1 (Orsolini 48 p, 56 – Pikkoli 22),

Jenoa – Empoli: 1-1 (Silwestri 81 ö.d. – Grassi 36),

Roma – Komo: 2-1 (Salemakers 61, Dowbyk 76 – Da Kunýa 44),

Milan – Lasio: 1-2 (Çukwueze 84 – Zakkanýi 28, Pedro 90+8 p),

Ýuwentus – Werona (şu gije)