Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilýän Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynda “Milandan” soň “Inter” hem finala çykyp bilmedi.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilýän Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynda “Milandan” soň “Inter” hem finala çykyp bilmedi. Aslynda, adatça Super Kubogy duşuşygynda ýurduň çempiony bilen kubogyň ýeňijisi duşuşýardy. Ýöne soňky ýyllarda ýaryşyň şowhunyny artdyrmak hem-de has köp girdeji gazanmak maksady bilen 4 toparyň gatnaşýan ýaryşyna öwrülen Super Kubogy ýaryşynda bu gezek şol köne däbe göre final duşuşygy geçiriler. Ýagny finala çempion hem-de kubogyň ýeňijisi çykdy.

“Bolonýa” toparynyň garşydaşy “Napoli” bolup, “Serie A”-nyň soňky çempiony ýarym finalda “Milandan” 2-0 hasabynda üstün çykdy. “Napoli” toparyna ýeňiş getiren gollary Dawid Neres (39) bilen Rasmus Hoýlunn (63) derwezä girizdi.

Geçen gezek finalda duşuşypdylar

Şunlukda, “Milandan” soň “Inter” topary, ýagny Milan şäheriniň 2 wekiline-de finala çykmak başartmady. Iki topar geçen gyşda finalda duşuşyp, “Milan” 3-2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finaly duşenbe güni gije, ýagny 22-nji oktýabrda “Napoli” bilen “Bolonýanyň” arasynda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.