Italiýanyň çempionatynda çempionlyk ýaryşy ýokary depginde dowam edip, sanawyň lideri, soňky çempion “Inter” öz meýdançasynda “Monzany” kynlyk bilen 3-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda myhmanlar Birindelli hem-de Baldeniň gollary bilen 2-0 öňe saýandy. Ýöne yzly-yzlyna hüjüm baryny eden “Inter” 1-nji ýarymyň soňky minutlarynda Arnautowiçiň goly esasynda aratapawudy azaldyp, 2-nji ýarymda-da Çalhanoglunyň hem-de Kiriakopulosyň awtogoly bilen 3-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi.
Edil şeýle netije “Interiň” şäherdeşi “Milanyň” myhmançylykda “Leççe” bilen geçiren duşuşygynda-da hasaba alyndy. “Leççe” Krstowiçiň 7-nji we 59-njy minutlardaky gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Leaonyň 2-nji ýarymda oýna girmeginden soň hüjümlerini artdyran “Milan” 13 minutda 3 gol geçirip, 3 oýundan soň ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymda 2 goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmadyk “Milana” 3 utuk gazandyran gollary Gallo (68 ö.d.) hem-de Pulişiç (73 p, 81) geçirdi. Öňdäki orunlar urgunda göreşýän toparlaryň özara duşuşygynda “Napoli” öz meýdançasynda “Fiorentinany” Lukaku we Raspadoriniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.
“Ýuwentus” bolsa Turinde “Atalantadan” 4-0 hasabynda asgyn geldi. Çempionatda 1967-nji ýyldan bäri ilkinji gezek öz meýdançasynda 4 gol aratapawudy bilen utulan “Ýuwentus” 2011-nji ýyldan soňam “Serie A”-da bir oýunda 4 gol geçirtdi. “Atalantanyň” gollaryny Retegi, De Roon, Zappakosta hem-de Lukman öz atlaryna ýazdyrdylar.
“Roma” myhmançylykda “Empolini” Suleniň 1-nji minut dolmanka geçiren ýeke-täk goly esasynda ýeňmegi başardy.
Kaliari – Jenoa: 1-1 (Wiola 18 – Korne 47),
Komo – Wenesiýa: 1-1 (Ikone 49 – Güttkaýaer 90+5 p),
Parma – Torino: 2-2 (Pellegrino 60, 82 – Elmas 19, Adams 72),
Leççe – Milan: 2-3 (Krstowiç 7, 59 – Gallo 68 ö.d., Pulişiç 73 p, 81),
Inter – Monza: 3-2 (Arnautowiç 45+1, Çalhanoglu 64, Kiriakopulos 78 ö.d. – Birindelli 32, Balde 44),
Werona – Bolonýa: 1-2 (Moskera 80 – Odgor 40, Kambiagi 78),
Napoli – Fiorentina: 2-1 (Lukaku 26, Raspadori 60 – Gudmundsson 66),
Empoli – Roma: 0-1 (Sule 1),
Ýuwentus – Atalanta: 0-4 (Retegi 29 p, De Roon 46, Zappakosta 66, Lukman 77),
Lasio – Udineze (şu gije, 00:45)