Italiýanyň çempionatynda 9-njy tapgyryň galdyrylan oýnunda “Bolonýa” öz meýdançasynda “Milan” bilen duşuşdy. Oýnuň 43-nji minutynda “Milan” Rafael Leaonyň goly bilen öňe saýlansa-da, ýer eýeleri 2-nji ýarym gol bilen başlady. 48-nji minutda Kastro hasaby deňledi. 82-nji minutda bolsa Ndoý ýer eýelerini öňe saýlady. Galan minutlarda-da “Milana” jogap bermek başartmady. Şunlukda, “Bolonýa” topary “Milandan” 2-1 hasabynda üstün çykyp, utugyny 44-e ýetirdi we 6-njy orna beýgeldi. “Milan” bolsa 41 utukda galyp, 8-nji orna düşdi. “Bolonýa” topary “Milany” 2002-nji ýyldan soň, ýagny 23 ýyldan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda ýeňmegi başardy.