Italiýanyň “Milan” toparynyň fransiýaly ýyldyzy Teo Hernandes karýerasyny Saud Arabystanynda dowam eder. 27 ýaşyndaky çep gyraky goragçy “Al Hilal” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Milanyň” kassasyna bu transferden 25 million ýewro girdeji girer. Teo Hernandes bolsa 3 ýyly üçin 75 million ýewro pul gazanar.

“Atletiko Madridiň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Teo Hernandesi “Alawesde” kärendesine çykyş edeninden soň 2017-nji ýylda “Real Madride” transfer boldy. Bu klubda 1 möwsümde oýnap, “Real Sosiedadda” kärendesine çykyş etdi. 2019-njy ýylda-da “Milanyň” düzümine goşulan ýyldyz futbolçy italýan klubunda 6 möwsümde oýnady. 262 oýunda 34 gol geçiren Teo Hernandes 45 goluň pasyny berdi.

Teo Hernandes Fransiýanyň milli ýygyndysynda-da 38 oýunda 2 gol geçirdi.

“Al Hilal” topary tomsuň başynda “Milanyň” esasy bäsdeşi “Interiň” tälimçisi Simone Inzagini tälimçilige belläp, FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda çärýek finala çykypdy.