Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.
Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gyzykly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden Nowruz baýramy bilen bagly milli däp-dessurlaryň dürli görnüşleri toplanyp, ylmy seljermeler geçirildi. Şeýle hem dünýäniň dürli döwletleriniň kitaphanalarynda saklanylýan gadymy golýazmalar öwrenilip, halk köpçüligine ýetirildi.
Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.
Türkmen nusgawy şahyrlary öz eserlerinde bahar paslyny, Nowruzy taryplapdyrlar. Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň eserlerinde türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, hususan-da, Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» şygrynda şeýle setirler bar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.
Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene adamlaryň arasynda ylalaşyklylygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň tagallasy bilen Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.
Amantäç BERDIHANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy.