14-nji sentýabrda belleniljek Milli hindi diliniň güni (Hindi Diwas) mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşigini geçirýär. Üç ugur boýunça guraljak bäsleşik 10-njy sentýabrda geçiriler.
Goşgy okamak bäsleşigi – hindi dilini öwrenýän we ulanýan gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Gatnaşyjylar hindi dilindäki goşgudan bir parçany ýa-da goşgyny ýatdan öwrenip, ony labyzly okamalydyrlar.
Düzme ýazmak bäsleşigi – hindi dilinde öz pikirlerini erkin beýan edip bilýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Düzmäniň temasy bäsleşigiň geçiriljek güni yglan ediler.
Surat çekmek bäsleşigi – surat çekmek ukyby bolan ähli isleg bildirýänler çagyrylýar. Işleriň temasy Hindistan we hindi dili bilen baglanyşykly bolup biler. Surat çekmek üçin kagyz guramaçylar tarapyndan üpjün ediler, çotgalary we boýaglary bolsa gatnaşyjylar özleri bilen getirmeli.
Gatnaşmagyň şertleri: Bäsleşiklere gatnaşmak isleýänler 8-nji sentýabra çenli deslapky hasaba alyşdan geçmelidirler.
Arzalary şu salgylaryň üsti bilen tabşyryp bolar:
Telefon: +993 65 69 46 86
Elektron poçta: int.ashgabat@mea.gov.in.
Esasy Bildirişler Milli hindi diliniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçiriler
PDF







