Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy öwrenmek we olardan netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi. 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumynyň, 10-njy oktýabrda bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Şeýle-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. 11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu eser «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde lukmanlara we mahriban halkymyza gymmatly sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden we çuňňur ylmy gözleglerinden dörän bu ajaýyp eser halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesini, ata-babalarymyzdan miras galan halk lukmançylygynyň gymmatly ýörelgelerini özünde jemleýär. Kitabyň her bir jildi tebigatyň adam saglygy üçin eçilen bahasyna ýetip bolmajak baýlyklaryny öwrenmäge, olary aýawly saklamaga we geljek nesillere ýetirmäge ýardam edýär.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralarynda dermanlyk ösümlikleriň adam saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti, olary ylmy esasda öwrenmegiň zerurlygy, şeýle hem ýaş nesilde tebigata söýgi we milli mirasymyza hormat goýmak duýgularyny terbiýelemek baradaky pikirler öňe sürüldi. Bu gymmatly eseriň lukmançylyk işgärleri, alymlar, mugallymlar, talyplar we giň okyjylar köpçüligi üçin möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryň XVIII jildiniň neşir edilmegi ýurdumyzda ylym-bilimiň, saglygy goraýyş ulgamynyň we milli lukmançylyk mirasynyň ösdürilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň beýanydyr.
Goý, halkymyzyň sagdyn, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ýagşymyrat BALAKAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








