Bu taslamada banknotlardan 4 sany noly aýyrmak teklip edilýär. Şeýlelikde, meselem, 10 müň riallyk banknot 1 riala öwrüler. 1 rial hem öz gezeginde, 100 kerana bölüner.

Eýranyň Merkezi banky,  häzirki pul ulgamyna we walýuta ätiýaçlyklaryna laýyklykda, daşarty ýurt walýutasynyň alyş-çalyş hümmetini kesgitlemäge, walýutany satyn almaga we satmaga jogapkärçilik çeker.

“Goşa dolanyşykly döwür” diýlip atlandyrylýan üç ýyllyk geçiş döwri, häzirki we täze rialyň bir wagtda dolanyşygyny öz içine alýar. Bu döwürde bar bolan banknotlar we şaýylyklar ýuwaş-ýuwaşdan dolanyşykdan çykarylar. Eýranda denominasiýa (kagyz pullaryň gymmatynyň peselmegi bilen adyny üýtgetmeklik) meýilnamasy ýokary inflýasiýanyň we rialyň hümmetiniň peselmegi netijesinde, köp ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Dört noluň aýrylmagy maliýe amallaryny, buhgalter hasabatyny we gündelik durmuşda walýutany ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir. Ýöne bilermenler munuň diňe inflýasiýa basyşy meselesini çözüp bilmejekdigini belleýärler.