Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi durnukly ösüşiň depginini ýokarlandyrmak bilen birlikde, önümleriň we hyzmatlaryň ýokary derejesini, halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň
bimöçber tagallalary bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, giň möçberli toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzda tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, täze önümçilikleri döretmek işleri rowaçlanýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň innowasiýalar esasynda ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ägirt uly mümkinçilikleriň ählitaraplaýyn durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Innowasion senagat önümçiligi ygtybarly ösüşde uly ähmiýete eýe bolup, ykdysady howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň innowasion senagaty hökmünde energetika, nebit we gaz çykaryjy, olary gaýtadan işleýän, himiýa, nebithimiýa pudaklary, maşyngurluşyk, metal işläp çykarýan, gurluşyk harytlaryny öndürýän, ýeňil we azyk senagaty kärhanalaryny görkezmek bolar. Ykdysadyýetde soňky ýyllarda bolup geçen wakalar ýurdumyzyň saýlap alan innowasion ösüşlere beslenen giň möçberli özgertmeler ýoluna pugta eýerip, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly kärhanalar, obadyr şäherler gurulýar. Diňe Diýarymyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagy, polimer kärhanasy, häzirki zaman «float» tehnologiýasy esasynda dürli aýna önümlerini öndürýän zawod, karbamid dökünleriniň önümçiligi, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawod hem ýurdumyzyň täzeçil ösüşleriniň aýdyň mysallarydyr. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümler dünýä bazarlarynda uly orun eýeleýär.
Güljahan Ýazlyýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.