Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyl ýurdumyzda Watan gerçekleri hatyralanyp Ýeňiş güni uludan baýram edilip bellenilýär. Mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna 80 ýyl dolýar. Şu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde giň gerimli dabaraly çäreler geçirilýär. Şeýle çärelere il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. 7-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Bu çäre 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
Ýeňiş güni biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny we edermenlik görkezdiler. Häzirki wagtda bu baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
Nazar Agamyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.