Afrikanyň öňdebaryjy toparlaryndan Müsüriň milli ýygyndysynyň düzümini tälimçi Hossam Hassan mälim etdi. Futbolçylyk ýyllarynda Müsüriň ýygyndysynda iň köp duşuşykda meýdança çykan 2-nji futbolçy, şol sanda iň köp gol geçiren futbolçysy (Salah 3 gol salsa, öňe geçýär) adynyň eýesi Hossam Hassan 26 futbolçydan ybarat düzüme 4 derwezeçi çagyrdy. Adatça 3 derwezeçi çagyrylsa-da, tälimçi olaryň sanyny köpeldenini kem görmedi. Bu babatda FIFA-nyň islegi, azyndan 3 derwezeçiniň bolmagydyr. Şeýle-de, ozal milli toparda oýnan Mohamed Elneni, Mostafa Mohamed, Mohamed Şerif, Amr El-Solia, Mohamed Hamdi, El-Wenş ýaly oýunçylar dürli sebäplere görä, düzüme düşmek başartmady. Çagyrylan oýunçylaryň aglabasy Müsüriň klublarynda oýnaýar. Şol sanda hüjümdäki oýunçylaryň köpüsi bolsa legionerlerden çagyryldy. 8 futbolçy Müsüriň iň meşhur kluby “Al-Ahlide” çykyş edýär.
Müsüriň Dünýä Kubogyndaky iň esasy ýyldyzlary Mohamed Salah bilen Omar Marmuş bolar.
Müsüriň ýygyndysy “G” toparçada Belgiýadyr Eýranyň hem-de Täze Zelandiýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Mohamed El-Şenawi (Al-Ahli, Müsür) Mostafa Şobeir (Al-Ahli, Müsür) Mohamed Alaa (El-Gouna, Müsür) El-Mahdi Soliman (Zamalek, Müsür) GORAGÇYLAR Hamdi Fathi (Al-Wakrah, Katar) Rami Rabia (Al-Ain, BAE) Mohamed Hani (Al-Ahli, Müsür) Ahmed Fatuh (Zamalek, Müsür) Mohamed Abdelmonem (Nissa) Ýasser Ibrahim (Al-Ahli, Müsür) Hossam Abdelmaguid (Zamalek, Müsür) Karim Hafez (Piramids, Müsür) Tarek Alaa (ZED, Müsür) ÝARYMGORAGÇYLAR Marwan Attia (Al-Ahli, Müsür) Emam Aşur (Al-Ahli, Müsür) Mohanad Laşin (Piramids, Müsür) Mahmud Saber (ZED, Müsür) Nabil Emad (Al-Najma, Saud Arabystany) Mostafa Ziko (Piramids, Müsür) HÜJÜMÇILER Mohamed Salah (Liwerpul) Trezege (Al-Ahli, Müsür) Zizo (Al-Ahli, Müsür) Omar Marmuş (Mançester Siti) Ibrahim Adel (Norşellann, Daniýa) Haissem Hassan (Owiedo) Hamza Abdelkarim (Barselona B)
PDF









