Belli ispan suratkeşi Pablo Pikassonyň bir kartinasy adaty bolmadyk usulda satuwa çykaryldy. Bahasy 1 million ýewro barabar bolan kartina haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 100 ýewrodan satuwa çykaryldy. Bu kartinany arzan bahadan alyp bilmek üçin dünýäniň dürli ýerlerinden 120 müň adam lotoreýa petegini satyn aldy. Bije çekilişi “Christie’s” auksion öýüniň Pariždäki merkezinde amala aşyryldy. Bije inžener hem-de sungaty öwreniji Ari Hodaranyň paýyna düşdi. Meşhur ispan suratkeşiniň 1941-nji ýylda döreden “Tête de Femme” (Zenan başy) atly eserinde Dora Maar suratlandyrylýar. Lotoreýa satuwyndan alnan girdejiniň alsgeýmer keseliniň öňüni almak üçin geçirilýän ylmy işlere gönükdiriler.
Şeýle satuw 2013-nji ýyldan bäri “100 ýewro, 1 Pikaso eseri” ady bilen guralýar. Bu ýylky eseriň eýesi bolan Hodara lotoreýa biletiniň üstünden tötänleýin barandygyny belläp, utuş gazanandygy baradaky wideojaň geleninde kimdir biriniň oýun edýändigini pikir edendigini aýdýar.
Bije çekilişini Pikassonyň maşgala agzalarynyň goldawy bilen fransuz žurnalist Peri Koçin gurapdyr. Biletler dürli ýurtlarda satylandygyna garamazdan, bije parižli ýaşaýjynyň paýyna düşüpdir.
Gazanylan girdejiniň 1 million ýewrosy kartinanyň eýesi bolan “Opera Gallery” galereýasyna, galan ähli bölegi Fransiýa alsgeýmer barlaglary gaznasyna bagyşlanar.