13-nji iýulda «Zubrýonok» atly Milli çagalar bilim we sagaldyş merkezinde «Arkalaşygyň Çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Çäräniň guramaçylary hökmünde GDA-nyň ýurtlarynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde GDA-nyň Parlament Assambleýasy hem-de Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika geňeşi çykyş etdiler.
Çärä Milli çagalar bilim we sagaldyş merkeziniň direktory T.Osmolowskaýa, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem Russiýa, Belarus, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Ermenistan ýaly ýurtlaryň mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Ilçi N.Şagulýew öz çykyşynda Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary we ýurduň halkara başlangyçlary barada durup geçip, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmeginiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi. Ilçi ýaşlara dostluk we medeni köpdürlülige hormat goýmak terbiýesini bermegiň möhümdigini belläp, şeýle başlangyçlaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Arkalaşygyň ýurtlaryndan gatnaşyjylara ýurduň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada maglumat berdi, şeýle hem senetçilik, haly, aýdym-saz we tans ýaly milli mirasyň nusgalaryny görkezdi.
Şeýle hem, forumyň çäginde Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasyny we gazananlaryny görkezýän ýörite surat sergisi we wideo materiallaryň görkezilşi guraldy.