Astronomlar “Jeýms Webb” teleskopynyň kömegi bilen “Hameleon I” molekulýar buludynda Ýerden takmynan 630 ýagtylyk ýyly uzakda suw buzuny we has çylşyrymly maddany tapdylar. Gözlegleriň netijesinde bu tapyndy häzire çenli iň pes temperaturaly bulut hasaplanýar.
Molekulýar bulutlar uly tozan bölejiklerinden ybarat bolup, olara ýyldyzlaryň bölejikleri hem diýilýär. Sebäbi onda ýyldyzlaryň emele gelmegi üçin zerur maddalar bar. “Hameleon “ buludynda tapylan köp molekulalaryň arasynda alymlar suw, metan, ammiak we metanol ýaly çylşyrymly maddalaryň bardygyny bellediler. Gözlegleriň netijesinde onuň düzüminde has çylşyrymly birleşmeleriň bardygy mälim edildi we olar entäk kesgitlenmedi.
Garaňky we sowuk molekulýar bulutlar ýyldyzlaryň ýagtylygyny molekulalar tarapyndan siňdirmek arkaly şekillendirilýär, Alymlara görünýän spektriň käbir böleklerinde bar bolan maddalary kesgitlemäge kömek edýär. Geçen ýyl alymlar galaktikamyzyň merkeziniň golaýynda molekulýar buludy tapdylar. Janly öýjükler tapylan bu molekula RNK-nyň gurluş böleklerini hem öz içine alýar.
Astronom Melissa Makklur Gollandiýadaky Leýden obserwatoriýasynda öz maglumatlarynyň içinde spektral şekilleriň toplumynda ilkinji bolup durýandygyny we alymlaryň ýakyn wagtda molekulýar bulutlaryň düzümi barada has jikme-jik maglumat berjekdigini aýtdy.
Şageldi Babaýew, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, uly leýtenant.
PDF









