Mundan 61 ýyl öň şu gün, ýagny 1964-nji ýylyň 25-nji fewralynda amerikaly boksçy Muhammad Ali agyr agram boýunça dünýä çempiony Sonni Listony ýeňip, ilkinji çempionlygyny gazanýar. Şol wagtlar 22 ýaşynda bolan Aliniň bu çempionlygy köpler üçin garaşylmadyk waka bolýar. Şol wagtky ady Kassius Kleý bolan boksçy soň-soňlar yslam dinini saýlap, adyny Muhammad Ali diýip üýtgedýär. Muhammad Ali karýerasy boýunça 61 duşuşyk geçirip, şolaryň 56-synda ýeňiş gazanýar (37-si nokaut bilen), 5-sinde ýeňilýär. 1960-njy ýylda Rimde Olimpiýa çempionlygyny gazanan Muhammad Ali 2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda 74 ýaşynda aradan çykýar.