Şu ýylyň 28-nji dekabrynda Mýanmada ählumumy saýlawlaryň birinji tapgyry geçiriler. Bu barada ýurduň saýlaw topary habar berdi.

Geňeş 28-nji dekabry konstitusiýa we degişli kanunlara laýyklykda, köp partiýaly ählumumy saýlawlaryň birinji tapgyrynyň senesi hökmünde yglan etdi. Soňky tapgyrlaryň seneleriniň bellenilen tertipde yglan ediljekdigi habar berildi.

Ýurduň “Global New Light” gazetiniň habaryna görä iýun aýynda Mýanmanyň lideri Min Aung Hlaýn saýlawlaryň şu ýylyň dekabrynda we indiki ýylyň ýanwar aýynda geçiriljekdigini aýtdy.