Her halkyň özüne mahsus däp-dessurlary we edim-gylymlary bar. Şolaryň hatarynda myhmany garşylamak we myhmansöýerlik dessury jemgyýetiň iň gadymy däpleriniň biri hasaplanýar. Gapydan gelen adamy garşy almak, oňa hyzmat etmek şol halkyň medeniýetini öwrenmäge ýardam edýär. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň dürli künjeginde ýörgünli bolan myhman garşylamak däpleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Türkmenistan we Gündogar ýurtlary. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä, myhman öýüň töründe oturdylýar. Bu dessur Gündogar ýurtlaryna hem mahsus bolup, öýe gelen adam ýumşak düşekde oturdylyp, derrew saçak ýazylýar. Myhman üçin iň gowy tagamlar taýýarlanýar. Myhmandan näme üçin gelendigi, näçe wagtlyk boljakdygy soralmaýar. Myhmanyň birnäçe günläp öýde bolmagy myhmansöýerligiň gymmatyny artdyrýar. Däbe görä, myhmanyň iýmiti we rahat dynç almagy öý eýesiniň jogapkärçiligi hasaplanýar. Bu ýurtlarda öý eýesine öňünden habar etmezden islendik wagt myhman baryp bilýär.
Ýaponiýa. Tertip-düzgün, arassaçylyk we nepislik ýapon myhmansöýerliginiň esasy elementleri hasaplanýar. Aýratyn gap-gaç ulanmak, asuda gurşaw döretmek we hormat goýmak ýaponlarda myhmany garşylamak däbiniň esasyny düzýär. Myhman üçin süýji içimlikler we bir gezek iýerlik nahar taýýarlanýar. Adatça, ýaponlar birek-biregiňkä gysga wagtlyk myhmançylyga baryp gaýdýarlar. Myhman öý eýesiniň we maşgala agzalarynyň tertip-düzgünine üns berýär hem-de özi üçin aýrylan wagtdan uzak oturmaýar.
Günbatar Ýewropa ýurtlary. Bu ýurtlarda myhmançylyk öňünden meýilleşdirilýär we onuň üçin aýratyn wagt aýrylýar. Myhmançylyga barjakdygyňy öňünden habar bermek esasy düzgünleriň biri hasaplanýar. Öý eýesi myhmanyň nirede oturdyljakdygyny we oňa nämeleriň hödür ediljekdigini maşgala agzalary bilen maslahatlaşýar. Şol esasynda myhman garşy alynýar. Mysal üçin, öýe gelen adam myhman otagynda däl-de, aşhanada ýa-da eýwanda hem garşy alnyp bilinýär. Günbatar Ýewropa ýurtlarynda myhmançylyk gysga wagtlyk bolup, gürrüňdeşlik esasynda geçýär. Şol sebäpli myhmana nahar hödür edilmän, näme içýändigi soralýar.
Demirgazyk Ýewropa ýurtlary. Bu ýurtlarda myhmançylyk çäkli ýagdaýda we az sanly adamyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Myhmanlar öý eýesi bilen bellenen araçägi saklaýarlar. Dymmak, tertipli oturmak we öňünden sagadyňy belläp barmak myhmançylygyň esasy şertleri hasaplanýar. Bu ýurtlarda garaşylmadyk ýagdaýda myhman gelmeýär. Myhmana hödür-kerem üçin kofe teklip edilýär.
Ortaýer deňzi ýurtlary. Bu ýurtlarda myhmansöýerlik jemgyýetçilik gatnaşygynyň esasy görnüşleriniň biridir. Ortaýer deňzi ýurtlarynda myhmançylyk dürli-dümen bilen bezelen stoluň başynda geçýär. Öý jemgyýetçilik giňişligine öwrülýär. Batly sesli gürrüňler, gülüşmek we bilelikde naharlanmak myhmansöýerligiň esasy düzgünleri hasaplanýar.
Latyn Amerikasy ýurtlary. Bu ýerde myhmansöýerligiň esasy aýratynlygy emosional ýakynlykdyr. Öý eýesi myhmanlara maşgala agzasy ýaly garaýar. Gujaklaşyp garşy almak, mähirli salamlaşmak we bilelikde wagt geçirmek myhmana bolan hormatyň nyşany hasaplanýar. Özara söhbetdeşlikler janly bolup, myhmanyň näçe wagt gelendigi asla soralmaýar. Bu ýurtlarda myhmanyň wagtyny gyzykly we şatlykly geçirmegine aýratyn üns berilýär.
Demirgazyk Amerika ýurtlary. Myhmançylyk öňünden meýilleşdirilen wagt we belli bir maksat esasynda amala aşyrylýar. Bu ýurtlarda myhmançylyga barýan adam öz ýany bilen sowgat ýa-da iýmit önümlerini eltýär. Demirgazyk Amerika ýurtlarynda uzak wagtlap myhman galmak oňaýsyz hasaplanýar.
Günorta Aziýa ýurtlary (Hindistan, Pakistan). Bu ýurtlarda öýe myhmanyň gelmegi şatlykly waka hasaplanýar. Öýe gelen adamlar «Hudaýyň myhmanlary» hasaplanýar. Myhmana öýde bar bolan ähli zatdan hödürlenýär. Günorta Aziýa ýurtlarynda myhmanyň ýaş tapawudyna üns berilýär we myhmançylyga barmakdan ýüz öwürmek halanmaýar.
PDF









