Agaçlaryň gyşda ähli ýapraklaryny düşürýändigi hemmelere mälimdir. Ýöne agaçlaryň gurak sowukda nädip guraman galýandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek. Güýz paslynda köp jandar has köp iýmitlenýär. Bu bolsa olaryň derisiniň astyndaky ýag gatlagyny galňadýar. Şeýlelikde, olar ýetip gelýän gyşyň sowugyna has çydamly bolýarlar. Şeýle hem gyşyna jandarlaryň tüýi ösüp, olary sowukdan goraýar. Käbir haýwanlar bolsa, gyş ukusyna gidýärler. Tapawutlyrak hem bolsa, gyş ukusy dürli ösümliklere hem degişlidir. Sözbaşydaky sowala dolansak, sowukda adamlar ýylanmak üçin başgap, ellik ýaly egin-eşikleri geýýärler. Emma ösümliklerde beýle mümkinçilik ýok. Gaýtam tersine, olaryň ýapraklary ýa-da pürleri düşýär. Ösümlikler hem gyşdan çykmak üçin wagtlaýyn uka gidýärler. Bu döwürde olaryň metabolizmi, ýagny iýmit, suw sarp edişi, kömürturşy gazyny alyp, kislorod bölüp çykaryşy we ösüşi haýallaýar. Gyş paslynyň ilkinji döwründe ösümlikleriň köpüsiniň ýapraklary düşýär. Sowukda agajy iýmitlendiriji ýokumly maddalary öndürip bilmeýändigi sebäpli, energiýa bölünip çykmaýar, netijede ýapraklar dökülmek bilen bolýarlar. Agaçlar ýapraklaryny ýitirmegiň wagty gelende absis kislotasy atly himiki önüm öndürýärler (baldagyň ujunda emele gelýän dokuma). Bu kislota öýjükleriň bölünmeginiň öňüni alyp, ösüşini togtadýar. Bu, esasan, ýaprakly agaçlarda bolýar. Şeýlelikde, agajyň uky wagtynda alyş-çalşy haýallaýar, bu bolsa öýjükleriň ösmeginiň öňüni alýar.
Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň käbir görnüşiniň bolsa ýylyň ähli paslynda hem ýapraklary ýa-da pürleri düşmeýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümliklere gyşda ýapragy düşmeýän agaçlar bilen bir hatarda, hemişe yssy we ygally bolýan, ýagny, pasyl çalşygy bolmaýan ýerlerde ösýän agaçlar hem degişlidir.