Eger gö­zü­ňi­zi ýu­mup, bir­nä­çe metr ara­ly­ga gö­ni ýö­re­mä­ge sy­na­nyş­sa­ňyz, gö­zü­ňi­zi aça­ny­ňyz­da ýal­ňyş ug­ra gi­den­di­gi­ňi­zi gö­rer­si­ňiz. Alym­la­ryň pi­ki­ri­çe, mu­nuň se­bä­bi ba­şar­nyk­syz­lyk bi­len bag­ly däl. Bu ýag­daý gö­rüş, be­de­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy we aň-dü­şün­jä­niň çyl­şy­rym­ly işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hü­när­men­ler gö­zü­ňi da­ňyp, gö­ni çy­zyk­dan ýö­re­me­gi «kom­pas­syz
de­ňiz­de ýüz­mek» ýa­ly ha­sap­la­ýar­lar.
Aň­sat we äh­mi­ýet­siz ýa­ly gö­rün­ýän bu ýag­daý uzak ýyl­lar­dan bä­ri alym­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­ken ha­dy­sa­la­ryň bi­ri­dir. Ada­myň he­re­ke­ti gi­ňiş­li­gi nä­hi­li ka­bul ed­ýän­di­gi we be­de­ni­ni nä­hi­li do­lan­dyr­ýan­dy­gy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr.
Gör­mek duý­gu­sy ýö­re­ýän wag­ty­myz ug­ru­my­zy sak­la­mak­da esa­sy orun eýe­le­ýär. Gö­zü­miz daş­ky gur­şaw­da­ky zat­la­ry saý­gar­mak bi­len bir ha­tar­da, ýer­leş­ýän ýe­ri­miz (ugur) ba­ra­da beý­nä yzy­gi­der­li ha­bar ber­ýär. Şeý­le­lik­de, ýö­re­me­si ýa-da geç­me­si kyn bo­lan ýer­ler­de hem he­re­ke­ti­ňi dü­ze­dip, ýal­ňyş­man ge­çip bol­ýar. Gö­zü­mi­zi ýu­ma­ny­myz­da beý­ni şol gi­ňiş­lik ba­ra­da­ky sal­gy­lan­ma­la­ryň uly bö­le­gi­ni ýi­tir­ýär. Gö­rüş ala­mat­la­ry­nyň ýok­du­gy se­bäp­li ug­ry saý­gar­mak kyn­laş­ýar we baş­ga ta­ra­pa ýö­re­ýär­siň.
Iç­ki gu­lak­da ýer­leş­ýän duý­gy ul­ga­my (wes­ti­bul­ýar ul­gam) de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­ma­ga we kel­le he­re­ke­ti­ni duý­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu ul­gam ada­myň te­bi­gy na­wi­ga­si­ýa ul­ga­my ha­sap­lan­ýar. Gö­rüş mag­lu­ma­ty ýok wag­ty bu ul­gam de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­ma­ga we ug­ry kes­git­le­mä­ge hyz­mat ed­ýär. Şeý­le-de bol­sa, gö­zü­ňi ýu­mup uzak ara­ly­ga ýö­re­len­de wes­ti­bul­ýar ul­gam gör­me­giň or­nu­ny tu­tup bil­me­ýär.
Prop­rio­sep­si­ýa (myş­sa duý­gu­sy) be­de­ni­mi­ziň gi­ňiş­lik­dä­ki ýag­da­ýy­ny duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän duý­gy ul­ga­my­dyr. Myş­sa duý­gu­sy gö­zü­miz ýu­muk bol­sa-da, go­lu­my­zyň ýa-da aýa­gy­my­zyň nir­ede­di­gi­ni bil­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ul­gam gün­de­lik he­re­ket­ler­de iş­jeň ula­nyl­sa-da, gö­zü­ňi ýu­mup gö­ni we ta­kyk ýö­re­me­gi üp­jün edip bil­me­ýär.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da gö­zi daň­lan adam­la­ryň köp­lenç dog­ry däl-de, giň te­ge­lek bo­ýun­ça ýö­re­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le-de bol­sa kä­bir adam­ gö­zü­ni ýu­mup hem dog­ry ýö­räp bil­ýär. Alym­lar bu ýag­da­ýy ada­myň şol gur­şa­wa be­let­di­gi, fi­zi­ki gur­lu­şy we be­den duý­gu­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar.