«Gül çemenini gapan oglan tizden-tiz öýlenýär. Gül dessesini tutan gyzyň bagty açylýar». Megerem bu jümleler hemmämiz üçin tanyş bolsa gerek. Toýlarda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursatlaryň biri hem, gül dessesini gapmak pursadydyr. Asyrlardan bäri dowam edip gelýän gül oklamak däbi 1800-nji ýyllarda Angliýada döräpdir. Şol döwürler myhmanlar gelniň gülüni alyp gaçmak üçin dürli oýunlar edipdirler. Wagtyň geçmegi bilen toý tutýan ýaşlaryň özi gül çemenini myhmanlara tarap taşlamak bilen täze bir däp ýüze çykypdyr. Bu däp toýlaryň şowhunyny artdyryp, kimde kim gül çemenini tutsa üstünlik gazanjakdygyna we durmuş gurjakdygyna ynanypdyr. Şol mahallar gül çemenini tutmak üçin diňe zenanlar hatara düzülipdirler.
Häzirki wagtda medeni däpleriň birine öwrülen gül çemenini tutmak bäsleşigine oglan-gyzlar bilelikde gatnaşýarlar. Köp ýurtda gül çemenini oklamak däbi ýaş çatynjalaryň täze bir durmuş ýoluna gadam basýandygyny aňladýar. Käbir ýurtda bolsa gül dessesini oklamak toý tutýanlaryň myhmanlar bilen şatlygyny paýlaşýandygyny alamatlandyrýar. Käbir ýerde bolsa toý tutýan ýaşlar toý etmek gezegini beýlekilere berýäris diýip düşünýärler.
Toýda gül çemeniniň haýsy güllerden boglandygyna hem uly üns berilýär. Sebäbi bägül, çigildem ýa-da garyşyk goýlan ownujak gülleriň her haýsynyň öz manysy bar. Mysal üçin, köpler iň bagtly gününde bägüllerden boglan dessäni söwer ýaryna berip, durmuşynyň hem bägül ýaly owadan hem ajaýyp bolmagyny arzuw edýär. Dünýäniň käbir ýurdunda ýaşlar gül çemeniniň ornuna ýumşak oýnawaçlary ýa-da gurjak oklaýarlar. Bu olaryň köp çagaly bolup, köpçülige goşulyşyp gitmegini alamatlandyrýar. Gül oklamak däbi ABŞ, Kanada, Angliýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa ýaly ýurtlarda has giňden ýaýran toý däp-dessurlarynyň biridir. Bu ýurtlarda gül tutmak dabarasyna diňe gelniň joralary gatnaşýarlar.