Daşary ýurtlara syýahata gideniňizde pasportlaryň 4 reňkden ybaratdygyna syn eden bolsaňyz gerek. Dünýä ýurtlarynyň hemmesiniň diýen ýaly pasportlarynyň daşlygy ýaşyl, gara, gök we gyzyl reňkden ybarat. Eýsem, pasportlaryň reňki nämäni aňladýar? Näme üçin pasportlar 4 reňkden ybaratka?
Dünýäde resmi taýdan ykrar edilen 195 ýurt bolsa-da, pasportlaryň diňe dört reňkli görnüşi bar. Pasportyň reňki estetika (owadanlyk) we şahsy isleglere esaslanmaýar. Pasportlaryň tassyklanan reňkleri medeni, dini we syýasy ugurlara esaslanýar.
Ýaşyl. Yslam ýurtlarynda ýaşyl mukaddesligiň nyşany hasaplanýar. Şol sebäpli musulman ýurtlarynyň pasportlarynda ýaşyl reňk ulanylýar.
Gara. Afrika yklymynyň käbir ýurtlary, Täze Zelandiýa ýaly döwletler pasportlarynda gara reňk ulanýarlar.
Gyzyl. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary köplenç goýy goňur reňke üns berýärler. Baýdaklarynda, binagärlik aýratynlyklarynda we döredijilik eserlerinde hem köplenç gyzyl we goňur reňk ulanýarlar. Bu reňk Ýewropa ýurtlarynyň pasportlaryna hem ornaşypdyr.
Gök. Deňiz kenarlarynda ýaşaýan ýurtlar, köplenç gök reňke ýykgyn edýärler. Baýdaklarynda gök, ak çyzyklaryň bolmagy şol ýurduň deňiz kenarynda ýaşaýandygyny, deňiz söwda portlarynyň bardygyny habar berýär. ABŞ we Karib deňziniň kenaryndaky ýurtlar pasportlarynda gök reňk ulanýarlar.
Pasportlar adatça, polikarbonat materiallaryndan öndürilýär we käbir ýurtlarda pasportyň içine elektron çip oturdylýar. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna görä, raýatyň şahsy resminamasy uzak wagtlap ulanmaga ýaramly we çydamly bolmaly. 10 dereje sowuga we 50 dereje yssa çydamly edilip çykarylýan pasportlar himiki serişdelerden uzakda saklanmaly. Pasportdaky ýazgylar latyn elipbiýinde bolmaly we baş harplar bilen ýazylmaly.