Saz gu­ral­la­ryn­dan çyk­ýan ýa­kym­ly owaz ir­ki dö­wür­ler­den şu gü­ne çen­li adam­zat ta­ry­hyn­da iň tä­sir­li be­je­riş çeş­me­le­ri­niň bi­ri­dir. Saz ru­hy sag­lyk üçin peý­da­ly bo­lup, ritm­ler, heň­ler we owaz­lar ada­ma has iç­gin tä­sir ed­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de adam­lar aý­dym-sa­zyň be­je­ri­ji güý­jü­niň bar­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Ga­dy­my Mü­sür­de ke­se­liň öňü­ni al­mak we ru­hy de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak üçin yba­dat­ha­na­lar­da sa­zan­da­lar sak­la­nyp­dyr. Ola­ryň çal­ýan saz gu­ral­la­ryn­dan çyk­ýan mu­kam bi­len adam­la­ry be­je­rip­dir­ler. Ga­dy­my Gre­si­ýa­da Gip­pok­rat bi­len Aris­to­tel sa­zyň akyl sag­ly­gy­na ed­ýän tä­si­ri­ni öw­re­nip­dir­ler. Pi­fa­gor ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len «kos­mos sa­zy» ide­ýa­syn­da älem­dä­ki äh­li za­dyň bel­li bir saz­la­şyk­da we he­re­ket­de bol­ýan­dy­gy hem-de şol yr­gyl­dy­la­ryň ada­myň ru­hu­na tä­sir ed­ýän­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir öňe sü­rül­ýär.
Ga­dy­my Hy­taý­da aý­dym-saz di­ňe bir sun­gat däl, eý­sem, luk­man­çy­lyk pu­da­gy ha­sap­la­nyp­dyr. Hin­di­ler­de bol­sa ra­hat­lan­mak we beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni güýç­len­dir­mek üçin aý­dym-saz me­di­ta­si­ýa­sy hem-de dem alyş maşk­la­ry ula­nyl­ýar.
Ýew­ro­pa­da or­ta asyr­lar­da aý­dym-sa­za has uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu dö­wür­de aý­dym-saz di­ni da­ba­ra­la­ryň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup, ada­myň ru­hu­ny gö­ter­ýän gu­ral hök­mün­de gö­rül­ýär. XII-XIV asyr­lar­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da aý­dym-saz sun­ga­ty has-da kä­mil­leş­di­ri­lip, meş­hur kom­po­zi­tor­lar ýü­ze çyk­ýar hem-de nus­ga­wy saz­la­ryň ýüz­ler­çe­si dö­re­dil­ýär.
XX asyr­da aý­dym-saz be­jer­gi­si­ne aý­ra­tyn üns ber­lip, kli­ni­ki mer­kez­ler dö­re­di­lip baş­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da köp ýurt­da has­sa­ha­na­lar­da saz be­jer­gi­si aý­ra­tyn ugur hök­mün­de ula­nyl­ýar. Hü­när­men­ler dart­gyn­ly­lyk, nerw bo­zul­ma­la­ry, agy­ry we ru­hy çök­gün­lik ýa­ly ke­sel­ler­de aý­dym-saz be­jer­gi­si­niň oňaý­ly ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Saz diň­le­mek beý­ni­ni iş­jeň­leş­di­rip, bagt gor­mon­la­ry­nyň (do­pa­min we se­ro­to­nin) bö­lü­nip çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.