19-njy tapgyryň galdyrylan başga bir duşuşygynda “Atalanta” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” kabul etdi. Bu duşuşygyň hem 1-nji ýarymy golsuz tamamlanyp, 54-nji minutda Pier Kalulu “Ýuwentusy” öňe geçirdi. Ýöne ruhdan düşmedik “Atalanta” topary 78-nji minutda Mateo Reteginiň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
“Atalanta” 14 oýundan bäri ýeňlenok
Yzly-yzyna 11 ýeňişden soň bassyr 3-nji gezek deňme-deň oýnan “Atalanta” çempionatda 14 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. “Ýuwentus” bolsa bassyr 3-nji, soňky 8 oýunda 7-nji, umumylykda-da 13-nji gezek deňme-deň oýnady. Ýeňlişsiz ýoluny dowam edýän “Ýuwentus” çempionatda 20 oýnuň 7-sinde ýeňiş gazanyp, 13-sinde deňme-deň netije görkezdi.