Norwegiýanyň döwlet gaznasy Germaniýanyň önümçilik kuwwaty 960 MW bolan “He Dreith” suwüsti ýel energiýa bekedi taslamasynyň 16,6 paýnamasyny satyn aldy. Germaniýanyň “EnBW” Germaniýanyň Demirgazyk deňzindäki ýel bekediniň paýnamalarynyň 49,9 göterimini Norwegiýanyň döwlet gaznasyna, “Allianz” we “AIP Management” konsorsiumynda satdy. Norwegiýanyň döwlet gaznasy öz paýyna düşýän 16,6 paýnama üçin 430 million ýewro tölär.
Germaniýanyň deňiz kenaryndan uzakda, deňizdäki bu taslamasynyň bahasy 2,4 milliard ýewro. Taslama 2025-nji ýylda başlanyp, şol ýylyň soňky çärýeginde tamamlanar.
Norwegiýa hem-de Germaniýa, esasan, Demirgazyk deňzinde köp sanly ýel beketlerini gurdy. Bu ýel beketleri ilaty arassa energiýa çeşmesi bilen üpjün edýär.
Batyr Haýydow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









