15-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gazet-žurnallaryň elektron görnüşi ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, oňa neşirýat işi babatda döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









