Angliýanyň “Nottingam Forest” topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Nottingamşaýrlylar soňky 3 günde 3 futbolçy bilen resmi ýagdaýda şertnama baglaşdylar. “Nottingam Forest” topary aşaky liga düşen “Ipswiç Tawndan” 21 ýaşyndaky ýarymgoragçy Omar Hatçinsony 37,5 million funt sterlinge, şol sanda “Mançester Sitiden” 22 ýaşyndaky Jeýms MakAtini  30 million funt sterlinge transfer etdi. Iki iňlis futbolçysy bilenem 5 ýyllyk şertnama baglaşan “Nottingam Forestiň” 3-nji transferi Fransiýanyň “Renn” klubundan Arno Kalimuendo boldy. 23 ýaşyndaky fransuz hüjümçisiniň transfer bahasy 26 million funt sterling diýlip kesgitlenildi. Kalimuendo hem iňlis kluby bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. PSŽ, “Lans” hem-de “Renn” toparlarynda oýnan Kalimuendonyň 182 oýunda 61 goly bar. Nottingam Forest iýul aýynda-da “Botafogadan Igor Žesus bilen Žair Kunýany, Bolonýadanam şweýsariýaly Dan Ndoýeni 34,5 million funt sterlinge transfer edipdi.