Dünýäniň iň meşhur şokolad brendleriniň biri bolan “Nutella”-nyň adyny dakan, “Tic Tac”, “Kinder” we “Ferrero Rocher” ýaly süýjülik brendleriniň döredilmegine goşant goşan himik Françesko Riwella 97 ýaşynda aradan çykdy. Riwella 1952-nji ýylda “Ferrero” kompaniýasynda işe başlan Riwella bar bolan çig maldan has ýokary hilli şokoladyň himiki birleşmesini tapmak üçin Ýer ýüzüni dürli ýerlerini aýlanýar. Şeýlelikde ol “Nutella”-nyň diňe adyny däl, eýsem formulasyny hem oýlap tapýar.
Riwella Italiýanyň Pýedmont şäherinde dünýä inýär.