Demokratlaryň mekany hasaplanýan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň ýerli häkimiýetiniň başlyklygy üçin geçirilen deslapky saýlawda asly Günorta Aziýadan bolan musulman dalaşgär Zohran Mamdani resmi ýagdaýda ýeňiş gazandy. 33 ýaşly Mamdani 4-nji noýabrda geçiriljek saýlawda üstün çykan ýagdaýynda, Nýu-Ýorkuň ilkinji musulman meri bolar. Demokrat partiýanyň içinde geçirilen deslapky saýlawyň netijelerine görä, Mamdani 56 göterim ses alyp, bäsdeşi, Nýu-Ýorkuň ozalky gubernatory Endrýu Kuomodan öňe geçdi.
Ses berişligiň netijesi mälim edilenden soňra çykyş eden Mamdani beren goldawlary üçin saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi.
Noýabrda geçiriljek saýlawda Demokrat partiýadan şäheriň merligine dalaşgär görkeziljek adamlaryň arasynda geçirilen deslapky saýlawa jemi 11 adam gatnaşdy. Respublikanlar bolsa ýeke-täk dalaşgärleri bolandygy üçin deslapky saýlawy geçirmediler. Saýlawda Respublikanlardan “Goraýjy perişdeler” atly guramanyň esaslandyryjysy Kýurtis Sliwa dalaşgär bolar.