12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny hem-de ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle-de häkimler welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli önümçilik tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine satyn alyp beren köp sanly döwrebap awtoulaglary, tehnikalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli ýaşaýjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ajaýyp sowgat bolan bu tehnikalaryň jemagat hojalygynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyny aýtdy.
Soňra wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigitlerini taýýarlamak hem-de olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşinde aýratyn orun eýeleýändigini, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ekologik abadançylygy üpjün edýän ulgamdygyny belledi we wise-premýere oba hojalygyny döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini hem-de medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
PDF









