UEFA Çempionlar Ligasynda 6-njy duşuşyklaryň çäginde 9 oýun oýnaldy. Ýeňiş gazanan toparlaryň 5-si garşydaşlarynyň öňe geçendigine garamazdan, üstün çykmagy başardy.

Mundan öňki tapgyrda myhmançylykda “Liwerpuly” derbi-dagyn eden PSW topary öz meýdançasynda “Atletiko Madridden” 3-2 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýeleri 10-njy minutda Guus Tiliň goly bilen öňe geçse-de, madridlileriň 1-nji ýarymyň ahyrynda hem-de 2-nji ýarymyň başynda salan gollaryna alaç tapyp bilmedi. Ispan topary Hulian Alwaresi (37), Hanskonyň (52) hem-de Sörlotyň (56) gollary bilen 3-1 hasabynda öňe saýlandy. 85-nji minutda Pepiniň geçiren goly PSW topary üçin ýeňşe ýetmedi.
Başga bir öňe geçen toparyň utulan duşuşygynda Belgiýanyň çempiony “Ýunion Sent-Žilluaz” topary öz meýdançasynda “Marsel” toparyndan 3-2 hasabynda ýeňildi. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollarynyň 2-sini hem 5-nji we 71-nji minutlarda Anan Halaili, fransuz klubunyň gollaryny bolsa Paişao (15) bilen Grinwud (41, 58) öz atlaryna ýazdyrdylar.
“Kamp Nouda” “Aýntrahty” kabul eden “Barselona” topary 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda frankfurtlylar Knauffyň 21-nji minutda geçiren goly bilen öňe geçse-de, goragçy Žul Kundeniň 2-nji ýarymyň başynda, 50-nji we 53-nji minutda tapawutlanmagynda katalonlar ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi.

Italiýada “Atalanta” topary “Çelsi” bilen duşuşyp, bu oýun hem ýer eýeleriniň 2-1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýogsam bu duşuşykda-da utulan topar öňe geçipdi. Duşuşygyň 25-nji minutynda “Çelsi” Žoao Pedronyň goly bilen hasaby açdy. Emma 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen italýanlar Skamakkanyň (55) hem-de De Ketelareniň (83) gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.
PDF









