Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 22-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda janköýerler 8 goluň şaýady boldular.
Öz meýdançasynda “Pisa” toparyny kabul eden “Inter” garaşylmadyk ýagdaýda 2 gol geçirtdi. Gollaryň 2-sini hem 11-nji we 23-nji minutlarda Stefano Moreo öz adyna ýazdyrdy. Ýöne soňlugy bilen dessine özüni dürsän “Inter” 1-nji ýarym tamamlanmanka, has takygy, 1-nji ýarymyň soňky 7 minutynda 3 gol geçirip, öňe saýlandy. Gollary Zelinski (39 p), Lautara Martines (42) hem-de Esposito (45+2) geçirdi.
“Inter” 2-nji ýarymyň soňky 10 minutynda-da 3 gol geçirip, garşydaşynyň öňe saýlanyna puşman etdirdi. Bu gollary bolsa Dimarko (82), Bonni (86) hem-de Mhitarýan (90+3) derwezä girizdi.
Şunlukda, 6-2 uly hasap bilen ýeňiş gazanan “Inter” çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşleriniň özara duşuşjak tapgyrynda aratapawudy saklap galmagy başardy.
“Serie A”-da 22-nji tapgyrda ýekşenbe güni 2 uly duşuşyk geçiriler. Çempion “Napoli” topary “Ýuwentusyň” (22:00), 2-nji ýerde barýan “Milan” bolsa paýtagtda “Romanyň” myhmany bolar (00:45).
PDF









