«Trend­Force» mar­ke­ting kom­pa­ni­ýa­sy «App­le»-iň or­ta de­re­je­li smart­fo­ny bo­lan «iP­ho­ne 14 Plus»-yň önüm­çi­li­gi­ni is­le­giň pes bol­ma­gy se­bäp­li azal­dan­dy­gy­ny, «iP­ho­ne 14 Pro»-nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dy­ran­dy­gy­ny mä­lim et­di. Il­ki­baş­da­ky me­ýil­na­ma gö­rä, has gym­mat bo­lan «iP­ho­ne 14 Pro»-nyň önüm­çi­li­gi­niň pa­ýy se­ri­ýa­nyň umu­my önüm­çi­li­gi­niň 50 gö­te­ri­mi bol­ma­ly­dy. Tä­ze me­ýil­na­ma gö­rä, «iP­ho­ne 14 Pro»-nyň 14-nji se­ri­ýa de­giş­li smart­fon­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ýy, il­ki 60 gö­te­ri­me, soň­ra 65 gö­te­ri­me ýe­ti­ri­ler. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy aza­lan önüm­çi­lik se­bäp­li pe­se­len gir­de­ji­niň öwe­zi­ni gym­mat ba­ha­ly te­le­fon­la­ryň az san­ly­sy­ny sat­mak ar­ka­ly dol­mak is­le­ýär. Mun­dan ozal hem kom­pa­ni­ýa­nyň «pre­mi­um» en­jam­la­ry («Pro» we «Pro Max») gir­de­ji­si­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam edip­di.

Maý­sa JU­MA­BER­DI­ÝE­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by