Golaýda önümçiligine başlanan “Tesla” kompaniýasynyň elektrik energiýasy bilen işleýän “Semi” ýük ulagynyň 1-nji dekabrdan sargyt eden müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi. Ilkinji ýük ulaglary “Pepsi” firmasyna iberiler. Şu ýylyň ahyryna çenli jemi 100 sany “Semi” ýük ulagynyň öndürilmegine garaşylýar. bu ulagyň önümçiligi geljek ýyllarda has artdyrylyp, 2024-nji ýyldan başlap, 50 müň sanysynyň öndürilmegine garaşylýar. Önümçiligi näçe köp hem bolsa, ulagyň alyjysy hem az däl. Sebäbi, ulag diňňe kuwwatly bolmagy bilen däl, eýsem bir gezekki zarýady bilen geçip bilýän ýoly babatda hem bäsdeşlerinden ozdurýar. Şol sebäpli bu ulagyň müşderileri sargyt edeninden soňra garaşmaly bolýarlar. Üç sany hereketlendiriji oturdylan ulag ýüksüz ýagdaýda 0-dan 100 km/sagat tizlige bary-ýogy 5 sekuntda ýetýär. Bu görkeziji ýeňil ulaglaryň hem köpüsinden ýokarydyr. Ulagyň bir gezekki zarýady bilen 480 km hem-de 800 km ýol geçip bilýän iki nusgasy bar. Bu görkezijiniň geljekde 1 000 km tizlige ýetirilmegi üçin tagalla edilýär. Ulagyň ýangyjy ep-esli mukdarda tygşytlamaga ýardam etjekdigi bellenilýär.
Wepa Tahirow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
PDF









