Halkara maglumat guramasynyň (IDC) maglumatyna görä, «Apple» geçen ýyl dünýäniň iň uly smartfon öndürijisi boldy. «Samsung» kompaniýasy bolsa 12 ýyldan bäri saklap gelýän bu adyny ýitirdi. Amerikan tehnologiýa ägirdi pandemiýa döwründäki telefonlary täzelemek we göterimiň ýokary bolmagy sebäpli satuwynyň pese gaçandygyna garamazdan, iň köp smartfon öndüren kompaniýa boldy. Kompaniýa 234 million telefony müşderilere ýetiripdir. «Huawei»-iň satuwynyň görnetin azalmagy bolsa, «Apple» üçin bähbitli bolupdyr. «Samsung» smartfonlary bolsa islegiň azalmagy we arzan «Android» telefonlaryny öndürýänleriň köpelmegi sebäpli has az satylypdyr. Şeýlelikde, dünýäde satylan bäş telefonyň birinden gowragy «iPhone» bolupdyr. Bu ugurda ikinji bolan «Samsung» telefon bazarynyň 19,4 göterimine eýe bolupdyr. Hytaýyň OPPO we «Transsion» kompaniýalary telefon satuwynda degişlilikde üçünji we dördünji orunlary eýeläpdir. Bilermenler ulanyjylaryň pandemiýa döwründe telefonlaryny täzeländigini, şol sebäpli onuň yzýany telefon satuwyna islegiň azalandygyny belleýärler. Maglumatlara görä, geçen ýyl dünýäde 1,2 milliard smartfon satylypdyr.
Jumagül WELIÝEWA,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
PDF









