OPEK + ýurtlary awgust aýynda nebitiň çykarylyşyny günde 548 müň barrel ýokarlandyrjakdygyny habar berdiler, bu iýul aýy bilen deňeşdireniňde has çalt ädim bolup durýar. Iýul aýynda OPEK + ýurtlary öz meýilnamasynyň çäginde nebit önümçiliginiň günde 411 müň barrele çenli ýokarlanandygyny habar berdiler.
Bu karar Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, Birleşen Arap Emirlikleri, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman ýaly ýurtlaryň global bazar şertlerini we geljegini gözden geçirýän wirtual ýygnakda kabul edildi diýlip, guramanyň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar. Şeýle hem beýanatda önümçiligiň kem-kemden ýokarlanmagynyň bazar şertleriniň üýtgemegine baglylykda togtadylyp ýa-da ýatyrylyp bilinjekdigi mälim edilýär.