«OpenAI» kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde täze audio-modelini tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu taslama ses arkaly dolandyrylýan enjamlary döretmek ugrundaky möhüm ädim bolar. Bu barada “The Information” neşiri kompaniýanyň ynamdar çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, “OpenAI” audio-modelleri gowulandyrmak maksady bilen inženerçilik, önümçilik we barlag bölümleriniň birnäçe toparyny ýeke-täk başlangyjyň çäklerinde birleşdirdi. Kompaniýanyň hünärmenleri häzirki audio-modelleriň takyklyk we tizlik taýdan tekst modellerinden yza galýandygyny belleýärler.
Şeýle-de, häzirki wagtda “ChatGPT” ulanyjylarynyň diňe ujyply böleginiň ýazuw däl-de, sesli interfeýsi ulanmagy makul görýändigi bellenilýär. “OpenAI” audio-modelleriň düýpli kämilleşdirilmeginiň ulanyjylaryň endiklerini üýtgetjekdigine we sesli interfeýsiň meşhurlygyny artdyrjakdygyna ynanýar. Bu bolsa modelleri we önümleri has giň gerimli enjamlara, mysal üçin, awtoulaglara ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
“OpenAI” ilki bilen audio-enjamlara gönükdirilen tehniki önümleriň hataryny çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň içinde geljekki enjamlaryň dürli görnüşleri, şol sanda akylly kolonkalaryň we äýnekleriň dizaýnlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Emma esasy üns ekrana däl-de, sesli dolandyryş interfeýsine gönükdiriler.
PDF









