(Tymsal)
Suwdan çykarylan owadanja daş köpriniň gyrasynda bitip oturan dürli görnüşli ösümlikleriň we gülleriň arasyna düşüpdir. Daş duran ýerinden aşak gaçmak isläp, öz ýanyndan şeýle diýipdir: «Men bu ösümlikler bilen bärde näme edeýin? Meniňem öz doganlarym bilen birlikde ýaşasym gelýär».
Owadan daşjagaz eýläk-beýläk gozganyp, maksadyna ýetipdir. Ýöne köp wagt geçmänkä öz ykbalyndan nalap başlapdyr. Daşyň üstünden arabalaryň tigirleriniň, aýaklaryna nal kakylan atlaryň, syýahatçylaryň dyngysyz basalap geçip durmagy oňa agyr degipdir. Olar daşjagazy eýläk-beýläk gozgap, ýere çümdüripdirler, käte bolsa, läbik we hapa taşlandylar bilen üstüni gömüpdirler. Şondan soň, görgüli daşjagaz düşen gününe ökünip, özüniň taşlap gaýdan çola we rahat ýerine seredip galyberipdir.
«Geňeşsiz işiň puşmany köp».