Ow­gan hä­ki­mi­ýet­le­ri ýur­duň gün­do­ga­ryn­da­ky Panj­şir we­la­ýa­ty­nyň mag­dan­la­ryn­dan zü­mer­ret çy­ka­ryp baş­la­dy. Bu ba­ra­da 8-nji aw­gust­da ow­gan hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ber­len be­ýa­nat­da aý­dyl­ýar.
Sy­ýa­sy dur­nuk­syz­lyk se­bäp­li Panj­şi­riň zü­mer­ret­le­ri soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da şah­sy adam­lar ta­ra­pyn­dan bi­ka­nun ga­zy­lyp alyn­dy. Ýo­ka­ry hil­li gym­mat ba­ha­ly daş­lar hök­mün­de bu zü­mer­ret­ler dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ryn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir.
We­la­ýa­tyň mag­dan­lar we ne­bit pu­da­gy­nyň baş­ly­gy Maw­la­wi Mu­ham­met Ka­sym Ami­ri, res­mi we­kil­le­riň, taý­pa ýa­şu­lu­la­ry­nyň we din­dar­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da zü­mer­ret ýa­tak­la­ry­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den 4 müň metr be­lent­lik­dä­ki dag­lar­da ýer­leş­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ola­ry çy­kar­mak üçin mag­dan­çy­lar py­ýa­da çyk­ma­ly we ýö­ne­keý gu­ral­la­ry ulan­ma­ly.
Ýer­li ýa­şaý­jy­lar zü­mer­ret ga­zyp al­mak baş­lan­gy­jy­ny gut­lap, mu­nuň tä­ze iş ýer­le­ri­ni dö­ret­jek­di­gi­ni aýt­dy­lar.
Ow­ga­nys­tan­da­ky tä­ze hö­kü­met 2021-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da hä­ki­mi­ýet ba­şy­na ge­le­li bä­ri ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dur­nuk­laş­dyr­mak üçin kö­mür, de­mir, gym­mat ba­ha­ly we ýa­rym gym­mat ba­ha­ly daş­lar ýa­ly bir­nä­çe dag-mag­dan kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bir­nä­çe şert­na­ma bag­la­şyl­dy.