Isle öýde bolsun, isle iş otagynda güller biziň daş-töweregimizi bezeýär. Olar diňe bezeg bolman, eýsem peýdasy hem az däldir. Olara sarp ediljek ujypsyz wagt saglygymyza uly peýda getirýär. Ine, mellegiňizde, öý we iş otagyňyzda ösümlik ýetişdirmegiň käbir peýdalary.
Ýadawlygy azaldýar
Häzire çenli geçirilen barlaglar ýapyk ýerlerdäki ösümlikler bilen gyzyklanmak, olary ysgamak adamyň fiziki hem-de psihiki ýadawlygyny azaldýandygyny ýüze çylardy. Hatda ösümligiň topragynyň ysynyň hem peýdasy uly. Sebäbi topragyň düzüminde rahatlandyryjy häsiýeti bolan bakteriýa (“Mycobacterium Vaccae”) bar. Seýilgähde gezelenç etmek has täsirli hem bolsa, otag ösümligi hemişe ýanymyzda bolansoň, onuň täsiri yzygiderli bolýar. Şeýle hem gülleriň has rahat uklamaga hem ýardam edýändigi aýdylýar. Ýatylýan otagda lawanda ýa-da sansewieriýa ösümligi goýmak peýdaly.
Howany arassalaýar
Ýaşaýan ýermiziň howasynyň arassa bolmagy saglygymyza ähli babatda täsir edýär. Howany hapalaýan maddalaryň arasynda asbest, radon, formaldegid benzol we beýlekiler bar. Bulardan dem almak göze, beýnä we dem alyş ýollaryna zyýan ýetirýär. Amerikan aerokosmos edarasynyň barlaglaryna görä, spatifillýum we adaty çyrmaşyk ýaly ösümlikler howany bu maddalaryň köpüsinden arassalaýar. Olaryň kökleri we ýapraklary hapa maddalary sorýar. Geçirilen barlaglara görä, ösümlik bolan otagdaky bakteriýalar we heň ösümliksiz otagdakydan 60% az bolýar.
Tebigy çyglandyryjy
Ösümlikler tebigy ýagdaýda ýapraklary arkaly howany çyglandyrýar. Otagdaky ösümlik howanyň çyglylygyny kadalaşdyrýar. Emma öýde kiçi çaga bar bolsa, gül almazdan ozal bu ugurda bilýän birinden maslahat soramak has gowy bolar. Sebäbi käbir ösümlikler kiçi çagalar üçin allergiýa sebäp bolup bilýär.
Gowulaşmaga peýdaly
Ösümlikleriň golaýynda bolmak özüňi rahat duýmaga we ten ýaralarynyň çalt gowulaşmagyna peýda edýär. Geçirilen ylmy barlaglarda ten ýarasy bolanlar üçin öý we iş otagynda gül ösdürmegiň täsirli we aňsat gutarnykly bejergi boljakdygy bellenilýär.

Selbi Amanowa, Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mudirinin w.w ý.ý, uly mugallym.