Bilermenler deňiz kenarlarynda dynç almagyň adamy rahatlandyrmak bilen bir hatarda, saglyk üçin peýdasynyň kändigini belleýärler. Deňziň göm-gök suwuna çümmek, howasyndan dem almak, tolkunlaryň sesini diňlemek elýetmez bejergi hasaplanýar.
Deňiz suwunyň deri üçin peýdalydygyny bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Şol sebäpli deňiz suwy kosmetika we derman senagatynda giňden ulanylýar. Deňiz suwunyň düzümindäki magniý deriniň ýaş we çeýe görünmegi üçin möhüm mineral hasaplanýar.
Ýüzdäki we bedendäki düwürtikleri guratmakda deňiz suwuna ýuwunmak peýdaly usullaryň biridir. Mundan başga-da, deridäki tegmilleri aýyrmakda hem deňiz suwunyň peýdasy uludyr.
Deňiz suwundaky magniý, brom we litiý maddalary alada etmek we gaharlanmak ýaly nerw bozulmalaryny bejermekde ähmiýetlidir. Bu maddalar beýnidäki melatoniniň we serotoniniň derejesini deňleşdirip, adamyň özüni rahat duýmagyna kömek edýär.
Deňziň duzly suwy saçyň goňaklamasynyň öňüni alýar. Deňiz suwy goňagy aýyrmakda peýdaly bolup, saçyň ýalpyldap durmagyny üpjün edýär.
Deňiz suwundaky ýod immuniteti güýçlendirse, düzümindäki mikroelementlerdir minerallar allergik keselleri bejermekde, ýokançlyklara garşy göreşmekde, bedendäki kömelekleri we bakteriýalary ýok etmekde peýdalydyr.
Deňziň kenarynda dem almak arkaly demgysma we üsgülewük ýaly dem alyş ýollary bilen bagly nähoşluklary ýeňilleşdirip bolýar. Şeýle hem deňziň kenarynda maşk etmek ýa-da ylgamak dem alyş ýollaryndaky fiziki bejergileriň biridir.
PDF








