Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) bel­le­me­gi­ne gö­rä, dün­ýä­de to­wu­gyň 1 müň 600-den gow­rak gör­nü­şi bar. To­wu­gyň köp gör­nü­şi el­de­ki­leş­di­ri­len bo­lup, Azi­ýa­da ýa­şa­ýan gy­zyl jeň­ňel to­wu­gy öý towugynyň ýe­ke-täk ýa­ba­ny gör­nü­şi­dir. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da «Ýe­di ha­zy­na­nyň bi­ri» ha­sap­lan­ýan öý to­wu­gy­nyň tä­sin gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry size ýe­tir­ýä­ris.
Se­ra­ma (gir­de­nek to­wuk). Ma­laý­zi­ýa­da be­zeg üçin sak­lan­ýan se­ra­ma ki­çi­jik göw­re­si we owa­dan reň­ki bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Dö­şü­ni ar­kan gaý­şar­dyp du­ran gir­de­nek to­wu­gyň ag­ra­my 250-500 gra­ma, bo­ýy 15-25 san­ti­met­re çen­li ýet­ýär. Ýy­lyň do­wa­myn­da 80-160 ýu­murt­ga ber­ýän ki­çi­jik to­wuk çyg­ly ho­wa şer­ti­ne çy­dam­syz­dyr. Dün­ýä­de iň ki­çi to­wuk to­hu­my ha­sap­lan­ýan se­ra­ma Ma­laý­zi­ýa­nyň mil­li gu­şy ha­sap­lan­ýar. Do­ly ady «Aýam Se­ra­ma» (ki­çi to­wuk) bo­lan gir­de­nek to­wuk soň­ky 50 ýy­lyň do­wa­myn­da seç­gi­çi­lik ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ma­laý­zi­ýa­nyň Ke­lan­tan şta­ty se­ra­ma to­wu­gy­nyň dö­rän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Ir­ki ýyl­lar­da pa­ty­şa­la­ra sow­gat ber­len ki­çi­jik to­wuk­lar 1990-njy ýyl­lar­da köp­çü­li­ge mä­lim edil­ýär. Ho­raz­la­ryň uzak gy­gyr­mak ýa­ryş­la­ryn­da we gö­zel­lik bäs­le­şik­le­rin­de öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýän se­ra­ma 2000-nji ýyl­dan soň Ame­ri­ka we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ýaý­ra­ýar. Ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, se­ra­ma­ uly to­wuk­lar­da­ky äh­li hä­si­ýe­ti özün­de jem­le­ýär. Iň ök­de çöp­leý­ji­ler ha­sap­lan­ýan se­ra­ma­lar eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­dä­ki ha­şal ot­la­ryň kö­kü­ni, gur­çuk­dyr mör-mö­jek­le­ri azalt­ma­ga ýa­kyn­dan ýar­dam ed­ýär. 7-10 ýy­la çen­li ýa­şa­ýan gir­de­nek to­wuk­lar 15-18 hep­de­de ýe­tiş­ýär.
Ona­ga­do­ri (uzyn guý­ruk­ly to­wuk). Dün­ýä­de to­wu­gyň seý­rek duş gel­ýän gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan ona­ga­do­ri uzyn se­çek­li guý­ru­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Be­zeg hök­mün­de ide­dil­ýän to­wu­gyň bu gör­nü­şi ýa­pon di­lin­de «hor­mat gu­şy» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Ona­ga­do­ri­niň ho­ra­zy­nyň guý­ru­gy 16-18 ýe­lek­den yba­rat bo­lup, uzyn­ly­gy 1,5-12 met­re çen­li ýet­ýär. XVII asyr­da Ýa­po­ni­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky dag­lyk se­bit bo­lan Şi­ko­ku ada­syn­da­ky Ko­ti şä­he­rin­de to­wu­gyň uzyn guý­ruk­ly gör­nü­şi se­çi­lip alyn­ýar. 1900-nji ýyl­lar­da res­mi taý­dan yk­rar edi­len ona­ga­do­ri to­wu­gy 1952-nji ýyl­da «te­bi­gy ha­zy­na» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ýurt­da ona­ga­do­ri­niň ýu­murt­ga­sy­ny köp­çü­li­ge ýaý­rat­mak ga­da­gan edil­ýär. Dün­ýä­dä­ki umu­my sa­ny­nyň müň tö­we­re­gi­di­gi çak­la­nyl­ýan ýa­pon to­wu­gy­nyň ag­ra­my 1-1,5 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ada­ma çalt öw­re­niş­ýän to­wu­gyň bu to­hu­my ýyl­da 50-100 ýu­murt­ga ber­ýär. Ona­ga­do­ri­niň dö­şi ga­ra gy­zyl reňk­li, ga­ra döş­li kü­müş­söw reňk­li, açyk ga­ra döş­li al­tyn­sow reňk­li we ap-ak reňk­li esa­sy 4 gör­nü­şi duş gel­ýär. To­wu­gyň bu gör­nü­şi 10-15 ýyl ýa­şa­ýar.
Sol­tan to­wu­gy (ak tel­pek­li to­wuk). Ada­myň ide­gi­ne mä­täç, owa­dan we ek­zo­tik guş­la­ryň bi­ri hem sol­tan to­wu­gy­dyr. XIV asyr­da Os­man im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de se­çi­lip al­nan sol­tan to­wu­gy di­ňe şa maş­ga­la­sy ta­ra­pyn­dan sak­la­nyp­dyr. To­wu­gyň bu to­hu­my kel­le­sin­dä­ki tel­pe­ge meň­zeş tüý ör­tü­gi we aýa­gyn­da­ky se­çe­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Owa­dan­lyk üçin sak­la­nyl­ýan sol­tan to­wu­gy so­wuk we ys­sy howa çy­dam­syz bo­lup, tro­pik se­bi­te çalt uý­gun­laş­ýar. Ýer­li hal­kyň ara­syn­da «Sa­raý to­wu­gy», «Köşk to­wu­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan sol­tan to­wu­gy­nyň äh­li­si ak reňk­de bol­ýar. 1850-nji ýyl­lar­dan soň Ang­li­ýa we Ame­ri­ka ge­ti­ri­len ak to­wuk­lar ýyl­da 50 ýu­murt­ga ber­ýär. 5 ýy­la çen­li ýa­şa­ýan sol­tan to­wu­gy­nyň ag­ra­my 1,5-2,7 ki­log­ra­ma, bo­ýy 45 san­ti­met­re ýet­ýär.
Dong-tao to­wu­gy (až­dar­ha aýak­ly to­wuk). Seý­rek duş gel­ýän wýet­nam to­wu­gy ta­gam­ly eti bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Paş­şyk aýak­ly to­wu­gyň bu gör­nü­şi Ha­noý­dan 30 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky Dong-tao et­ra­byn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Aýa­gy örän ta­gam­ly iý­mit ha­sap­lan­ýan dong-tao to­wu­gy­nyň ag­ra­my 6 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Uzak­dan gö­re­niň­de äpet daban­ly ki­çi­jik di­no­zaw­ra meň­ze­ýän to­wuk­la­ryň aýa­gy ada­myň bi­le­gi ýa­ly ga­lyň­lyk­da bol­ýar. Az ýu­murt­ga ber­ýän paş­şyk aýak­ly to­wuk­lar, esa­san, et önüm­çi­li­gi üçin ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ho­an Long et­ra­byn­da 2 müň­den gow­rak ho­ja­lyk dong-tao to­wu­gy­ny ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Wýet­na­myň mil­li gu­şy ha­sap­lan­ýan çi­şik aýak­ly to­wu­ga baş­ga­ça «až­dar­ha to­wuk» hem di­ýil­ýär. Daş­ky gör­nü­şi öz­bek­le­riň ur­şu­jy ho­ra­zy­na meň­ze­ýän bu to­wuk 10 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar.
Aýam se­ma­ni (ga­ra to­wuk). Gap-ga­ra göw­re­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýan aýam se­ma­ni Azi­ýa­da duş gel­ýän iň haý­ran gal­dy­ry­jy guş to­hu­my ha­sap­lan­ýar. In­do­ne­zi­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän to­wu­gyň bu to­hu­my­nyň di­ňe daş gör­nü­şi däl, eý­sem, eti, süň­ki, hat­da ýu­murt­ga­sy­nyň ga­by­gy hem ga­ra reňk­de bol­ýar. Fib­ro­me­la­nis­tik ge­niň üýt­ge­me­gi ne­ti­je­sin­de şar ga­ra ek­zo­tik to­wuk eme­le ge­lip­dir. Beý­le­ki to­wuk gör­nüş­le­rin­de hem bu gen sak­lan­ýar. In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra ada­syn­da se­çi­lip al­nan ga­ra to­wuk 1990-njy ýyl­lar­da Ýew­ro­pa äki­dil­ýär. Ys­sy we so­wuk ho­wa çy­dam­ly, ide­gi az ta­lap ed­ýän bu to­wuk edil guş ýa­ly uçup bil­ýär. Ag­ra­my 2,5-3 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bol­ýan aýam se­ma­ni ýyl­da 60-100 tö­we­re­gi ga­ra ýu­murt­ga ber­ýär. 2014-2015-nji ýyl­lar­da bü­tin dün­ýä ýaý­ran ga­ra to­wu­gyň ho­ra­zy owa­dan ses bilen gy­gyr­ýar.