“Öýde ýeke” filmindäki Kewiniň ejesi we “Şitts Krik” (Schitt’s Creek) serialyndaky Moira Rouz ýaly meşhur komediýa keşpleri bilen tanalýan “Emmi” baýragynyň eýesi Ketrin O’Hara 71 ýaşynda aradan çykdy.
“Creative Artists Agency” agentliginiň anna güni çap eden beýanatynda, asly kanadaly bolan aktrisanyň Los-Anjelesdäki öýünde gysga wagtlyk keselden soň aradan çykandygy bellenilýär. Onuň ölüminiň jikme-jikleri barada entek doly maglumat berilmedi.
O’Haranyň karyerasy 1970-nji ýyllarda Torontoda “Second City” atly improwizasiýa komediýa şounda başlapdy. Ol ýerde aktrisa bütin ömrüniň dowamynda kärdeşi boljak Ýujin Lewi bilen bilelikde işläp başlady.
Lewi onuň “Şitts Krik” serialyndaky kärdeşidi; olar bilelikde SCTV sketç-şouna gatnaşypdylar. Bu şou Martin Şort, Andrea Martin, Jon Kendi we Rik Moranis ýaly beýleki meşhur komikleriň hem karyerasynyň kemala gelmegine uly ýardam edipdi.
“Şitts Krik” serialy aktrisanyň karyerasynyň iň ýokary nokady we onuň komediýa talantynyň hakyky nusgasy boldy. “Kiçijik şäherçede ýaşamaga mejbur bolan baý maşgala barada gürrüň berýän bu serial, 2020-nji ýyldaky altynjy we iň soňky möwsümi bilen “Emmi” baýraklarynyň birnäçesine mynasyp görüldi.
Adamsy Bo Welş, ogullary Metýu we Lýuk Ketrin O’Haranyň yzynda galan ýakynlarydyr.