UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň çäginde mundan bir hepde ozal, “Seltik” öz meýdançasynda Awstriýanyň çempiony LASK toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykyp, final tapgyrynyň bosagasyndan ilkinji ädimini ädipdi. Ýöne jogap oýny olar üçin juda şowsuz geçdi. MakGregoryň 21-nji minutdaky goly bilen öňe hem geçen şotlandlar goşmaça wagty hem hasaplasaň, 5 gol geçirdip, ýaryşdan çykdy. Awstriýanyň çempionyna ýeňiş getiren gollary Usor (32), Lýubiçiç (48), Adeniran (58, 109) hem-de Fleker geçirdi. Şeýlelikde, LASK taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna gatnaşar. “Seltik” geçen möwsümde-de pleý-off tapgyrynda “Kairatdan” asgyn gelipdi.
“Bude-Glimt” yzly-yzyna 2-nji gezek gatnaşýar
1-nji oýunda myhmançylykda 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary öz meýdançasynda Niderlandlaryň “NEK Niýmegen” toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi. 1-nji ýarymyň ahyrynda, 45-nji minutdan soň 2 gol geçiren “Bude-Glimtiň” pökgülerini Býorkan (45+2), Oklend (45+6) hem-de Fonwill (73 ö.d.) derwezä gönükdirdi.
Norwegiýanyň wekili geçen möwsümde-de gatnaşypdy we 1/8 finala çykypdy. “Bude-Glimtden” öň Norwegiýadan ýeke topar hem 17 ýyllap Çempionlar Ligasyna gatnaşmandy.
PDF








