Özbegistan Hindistanyň raýatlary üçin 30 günlük wizasyz düzgün girizýär, bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen gepleşikleriň barşynda habar berdi.

Hindistanyň Premýer-ministri iki günlük döwlet sapary bilen Daşkende bardy.

Özbegistan we Hindistan söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekdiler diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.