23-nji awgustda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda Ýokary döwletara geňeşiniň üçünji mejlisi boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary tarapyndan «Ebedi dostluk hakynda» taryhy Şertnama gol çekildi. Bu resminama iki doganlyk ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygyny täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gulluk eder.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara söwda dolanyşygyny artdyrmak we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli maksatlary kesgitlediler. Hususan-da, 2030-njy ýyla çenli ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek esasy wezipe edip bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda özara söwda möçberi 795 million dollara ýetip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. Taraplar, şeýle hem energetika, geologiýa-gözleg, oba hojalygy, dag-magdan senagaty, gurluşyk we ulag ulgamlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Transhazar halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmaga we Orta geçelge boýunça ýük daşalmagyny köpeltmäge aýratyn üns berdiler. Hazar deňzinde bilelikdäki floty döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň we sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda emele gelýän ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän arassa elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, ondan soňra bolsa Ýewropa bazarlaryna ibermek üçin «ýaşyl» energetika geçelgesini döretmek ugrunda bilelikde işleýärler.
Saparyň çäklerinde ynsanperwerlik, ylym, bilim, syýahatçylyk we sport ugurlarynda hem birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, FIFA-nyň 2025-nji ýyldaky kararyna laýyklykda, 2027-nji ýylda futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) dünýä çempionatyny Özbegistan bilen Azerbaýjanyň bilelikde geçirmegi ýurtlaryň sport pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle hem Täze Daşkent şäherinde Nyzamy adyndaky Milli pedagogiki uniwersitetiniň täze kampusynyň açylmagy we Azerbaýjan seýilgähiniň düýbüniň tutulmagy iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da berkeýändigini görkezýär.
PDF








