Özüni arassalaýan ekran

178

Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan “Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy sen­sor ek­ra­nyn­da­ky bar­ma­gyň yzy­ny aras­sa­la­ýan teh­no­lo­gi­ýa­nyň pa­ten­ti­ni al­dy. Sen­sor­ly ek­ran­lar di­ňe te­le­fon­lar­da däl, te­le­wi­zor­lar­da, komp­ýu­ter­ler­de, aw­tou­lag­lar­da hem ula­ny­lyp baş­lan­dy. “Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy aw­tou­lag­la­ryň mul­ti­me­di­ýa ek­ra­nyn­da peý­da­lan­mak üçin bar­mak yzy­ny aras­sa­la­ýan teh­no­lo­gi­ýa­ny taý­ýar­la­mak is­le­ýär. Bu teh­no­lo­gi­ýa bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nan ek­ran­da gy­zyl, ýa­şyl we ma­wy pik­sel­ler­den baş­ga-da ada­myň gö­zi bi­len gö­rüp bol­ma­jak ult­ra­me­lew­şe şöh­lä meň­zeş be­new­şe reňk­li pik­sel bo­lar. Şeý­le hem Gü­nüň ýag­ty­ly­gyn­da­ky ult­ra­me­lew­şe şöh­le bi­len tä­sir­leş­ýän, adam sag­ly­gy­na zy­ýan­syz fo­to­hi­mi­ki gat­lak ula­ny­lar. Bu gat­lak bi­len ek­ra­nyň ýü­zi gap­la­nar. Bu gat­lak ult­ra­me­lew­şe şöh­lä­ni özü­ne siň­di­rip, ho­wa­nyň dü­zü­min­dä­ki çyg­ly­lyk­dan hem peý­da­la­nyp, hi­mi­ki tä­sir­leş­me dö­re­der we bar­ma­gyň yzy­ny aras­sa­lar.
Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň aw­tou­lag­la­ryň için­dä­ki ek­ran­lar­da ýa-da te­le­fon­lar­da ha­çan peý­da bol­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe nä­mä­lim bol­ma­gy­na gal­ýar. Kä­bir ada­my te­le­fo­ny­nyň ýü­zün­dä­ki bar­mak yz­la­ry bi­ra­hat ed­ýär. Bi­ler­men­ler bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň te­le­fon­lar üçin hem äh­mi­ýe­ti bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Ar­zuw Ba­ba­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by.