Diňe bir kino muşdaklarynyň däl, eýsem kino tankytçylary tarapyndan hem ýokary baha berlen “Möý adam: öýe ýol ýok” (Spider Man: No Way Home) filmi girdejisini 1 milliard dollardan geçirdi (1 milliard 54 million dollar). Şeýlelikde, Jon Watts tarapyndan surata düşürilen bu kino pandemiýanyň güýjäp başlanyndan soň, 1 milliard dollarlyk kassa ýygymyny toplan ilkinji kino hökmünde hasaba alyndy. Ol umumylykda ýylyň iň köp pul gazanan filmi bolmak bilen bir hatarda, girdejisini 1 milliard dollardan geçiren 48-nji film diýlip ykrar edildi. “Möý adam: öýe ýol ýok” filminden öň 2019-njy ýylyň dekabrynda prokata çykan “Ýyldyz söweşleri: Skaýwolkeriň beýgelmegi” filmi 1 milliard dollardan köp kassa ýygymyny toplapdy. Möý adam: öýe ýol ýok” filmi toplan 1 milliard dollarlyk kassa ýygymynyň 467,3 millionyny ABŞ-daky, galanyny-da dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky kinoteatrlardan gazandy.

200 million dollar çykdajy edilen “Marvel” we “Sony” kompaniýalarynyň bilelikdäki önümi bolan filmde Tom Holland, Zendaýa, Benedikt Kumberbetç, Jeýkob Batalon, Jon Fawro ýaly artistler surata düşdi. 148 minutlap dowam edýän filmiň birnäçe baýraklara, hatda iň gowy film ugrunda Oskara hem dalaşgär bolmagyna garaşylýar.

Kimdigi äşgär bolan “Möý adam” çylşyrymly ýagdaýdan halas bolmak üçin Doktor Streýnjden kömek soraýar. Ýöne mesele has-da çylşyrymlaşýar.