Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen, Türkmenistanyň Prezidentiniň möhüm başlangyçlaryndan gelip çykýan, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan daşary syýasatyň ösdürilmeginde ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri durmuşa geçirmek babatda hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk ýoluny dowam etdirýär. Şunda berkarar döwletimiz daşary ýurtlar bilen, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge, dünýäniň ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulmaga, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek zerur şertleri döretmäge ygrarlylygyny aýan edýär.
Türkmenistan halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde hem-de öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny yzygiderli ilerledýär hem-de «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä pugta eýerýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyz umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça işleriniň ählumumy ykrar edilmegi ugrundaky çäreleri işjeňleşdirmek, halkara gatnaşyklarynda «güýç ideologiýasynyň» ýaýradylmagyna we ykrar edilmegine syýasy-diplomatik taýdan yzygiderli garşy durmak, halkara gapma-garşylyklary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli usuly hökmünde diplomatik gepleşikleri ykrar etmek ýaly garaýyşlardan ugur alýar.
Dünýäde parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän beýik ýörelgämiz bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy ählimizi çäksiz buýsandyrýar. Çünki parahatçylyk, ynanyşmak adamzat üçin iň zerur gymmatlykdyr.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwletimiz ýörite Konsepsiýa taýýarlady. Onda tutuş ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän işler we ileri tutulýan ugurlar beýan edildi. Olaryň ählisi halkara ähmiýetli möhüm çärelerdir. Biziň ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletlerinden myhmanlaryň gatnaşmagynda möhüm forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Häzir bu baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek üçin uly işler alnyp barylýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz guramaçylyk döwlet toparyny döretdi. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär.
Şu ýylda boljak ýubileý seneleriň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň özara baglanyşykly sazlaşygy döredýändigini bellemeli. Bitaraplygyň binýatlyk ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň özboluşly beýanydyr. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki zaman gurluşynda derwaýys ähmiýete eýe bolmak bilen, oňyn we döredijilikli ösüşiň, asuda geljegiň esasy şertine öwrülýär. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, möhüm ählumumy meseleleri çözmekde we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ähmiýet berilýär.
Goý, ýurdumyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merjen ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.